BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • Kitap-bilimiň çeşmesidir.

    “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda , eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Biziň halkymyzyň iň gowy arzuwy elmydama “Işiň rowaç bolsun!” diýen ýagşy arzuw-niýetleri bilen baglanşyklydyr. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamlarynda hem uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitap söýüjiliginden ugur alyp, ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Öňki bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlary baýlaşdyrylyp, elektron kataloglar bilen üpjün edilýär we internet ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Geljekgi ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin kitap gymmatly baýlykdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen sözleri biz häli-şindi ýatlaýarys. Sebäbi bu günki çaga ertirki uly ýaşly adam ahyryn. Edepli, ahlak taýdan päk, sowatly çagany terbiýeläp ýetişdirmekde kitaphanalaryň ähmiýeti örän uludyr.
    Belent mertebeli Prezidentimiz geljekgi ýaş neslimiziň, ajaýyp döwrümiziň talabyna görä has tutanýerli we maksada okgunly, özbaşdak hereket edip biljek arassa ahlakly bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýär. Hormatly Prezidentimiz “Kitap-bilmiň açarydyr” diýip jaýdar belläp geçýär. Kitap-ruhy baýlyk. Kitaphanalar bolsa, şol ruhy baýlygy saklaýan medeni ojakdyr. Ýurdumyzda ählimumy kompýuter sowatlylygynyň bolmagy şu günüň esasy talaplarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan elektron kitaplar hem kitaphana ulgamynyň maglumatlar binýadynyň esasy bolup ör-boýuna galýar. Munuň üçin dünýä tejribelerine daýanmak, olaryň işleriniň netijelerini bilmek, öwrenmek hiç haçan artykmaçlyk etmeýär.
    Kitaby eliňe alyp okamagyň, onuň maňzyna batýan setirlerini gaýtalap okamagyň artykmaçlygy aýry bolsa-da, häzirki döwürde dünýäniň ümzügi elektron kitaplara tarap okgunly öňe barýar. Okyjylaryň islegini çalt kanagatlandyrýan habarlar ulgamynyň bu görnüşine bolan höwes günsaýyn artýar. Kitaphana halka bilim berýän, adamzady dogry ýola ugrukdyrýan hazynadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň diňe maddy taýdan baýlaşman, eýsem ruhy taýdan hem galkynýar. Ýurdumyzda halkymyzyň kitaba bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Hormatly Prezidentimziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary türkmen halkynyň milli, ruhy-medeni gymmatlyklaryny hem ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkdagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän kitap bilen baglanyşykly sergide sergilenýän biri-birinden täsin ölegdäki kitaplar hem okyjylaryň kalbynda okamak islegini, öwrenmek bilmek höwesini oýarýar.
    Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň ýeketäk jemlenen ýeri bolan kitaphanalarda bar bolan gadymy kitaplar geçmişiň taryhyny ebedileşdirmäge, nesil şejerämizi öwrenmäge, geçmişe syýahat etmäge mümkinçilik döredýär. Hormatly Przedidentimiziň biz kitaphanaçylara işlemäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýaryn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülnur Ýazmedowa

  • Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Nowruzym!

    2022-nji ýylyň 17-nji martynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň syýasy- jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda” hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy” döwründe Milli bahar baýramy mynasybetli “Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Nowruzym.!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi we “Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara” atly kitap sergisi guraldy.
    Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden kitaphana işgärleri bu gadymy baýramyň asyrlaryň jümmüşinden geçip biziň günlerimize gelip ýeten has şatlyk-şagalaňly baýramlaryň biridigini belläp geçdiler. Bu baýramçylyk döwründe adamlar öz öýke-kinelerini unudyp, agzybirlikde täze egin-eşiklerini geýip, birek-birege myhmançylyga barylýar. Aýratyn hem, bu baýramçylyk mynasybetli köje, ýarma, ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan “Äşe-Patmanyň nahary” hasaplanýan “semeni “ ýaly tagamlar bişirilýär.
    Bu baýramçylyk dabarasynda ine şular dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi. Dabarada baýramçylyk mynasybetli döredilen şahyrana şygyrlaryň okalmagynyň, şeýle-de “Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara” atly kitap sergisi bilen ýakyndan tanyş bolunmagy dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda milli baýramçylygymyzy uly dabaralara besläp geçirmekde taýsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza sag bolsunlar aýdyldy.

  • “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk-umumadamzat ähmiýetli sungatdyr”

    Daşoguz welaýat kitaphanasynyň guramagynda 2022 –nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 8-nji fewralynda “Dutar ýasamak senetçiligi,dutarda saz çalmak we bagşyçylyk-umumadamzat ähmiýetli sungatdyr” atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Parižde geçirilen 16-njy maslahatynda türkmen dutary we bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.”Maslahatda çykyş edenler dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO–nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sungatynynyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan taýsyz tagallasynyň netijesidir diýip belläp geçdiler. Türkmen topragynyň gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekany bolandygy barada maslahatda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe aýdym- saz sungatyny, medeni mirasyny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak, ýaş nesillere öwretmeklige aýratyn üns berilýär. Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Kitaphanada welaýat kitaphanasynyň, welaýat bagşylar muzeýiniň we welaýat taryhy – ülkäni öwreniş muzeýiniň guran “Türkmen milli saz gurallary”, “Milli senedimiz, baky buýsanjymyz” atly kitap sergileri, eksponatlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Soňra Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Ol şirwan perdäňe galsana bagşy” atly konsert programasy ýerine etirildi.

  • Diýarym özgerýär Arkadag bilen

    2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda ýetip gelýän täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy mynasybetli “Diýarym özgerýär Arkadag bilen” atly kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman özüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilýän sepgitler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanşyklydyr diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.
    Maslahatyň ahyrynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygaryna mynasyp zähmet çekjekdiklerini, şeýle-de eziz Diýarymyzy ösüşiň täze derejesine çykaran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekdenn alkyş sözlerini aýtdylar.

  • Bitaraplyk şugla saçýar Diýara

    Daşoguz welaýat kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk şugla saçýar Diýara atly baýramçylyk dabarasy kitaphananyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň okalga zalynda 2021-njy ýylyň 9-nji dekabr güni geçirildi. Baýramçylyk dabarada çykyş edenler 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň halky üçin ýatdan çykmajak gün bolup taryha girdi. Hut taryhylygy üçin Garaşsyz ýurdumyzyň agzybir halky bu baýramy uly baýramçylyga besleýär. Ine şu baýramçylyk mynasybetli hem Arkadag Prezidentimiz öz ajaýyp kitaplaryny ýagny “Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany “ atly kitaplaryny sowgat etdi diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Baýramçylyk dabarasynda baýramçylyk mynasybetli guralan “Baky Bitaraplyk Bagty” atly kitap sergisi bilen ýakyndan tanyş boldular . Dabaranyň soňunda halkyny döwletli-döwrana ýetiren , ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.