Bu gatda girelgde okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça elektron maşynlar ýörite beketlere ýanaşyk ýerleşdirilen. 1-nji gatda 20 orunlyk intenet zaly, 20 orunlyk enjamlaşdyrylan kompýuter zaly, gündogar äheňinde, milli ruhda bezelen ýaşulular üçin 15 orunlyk aýratyn ýörite okalga zaly, 12 orunlyk Berkararlyk otagy, 20 orunlyk çagalaryň oýun otagy, gadymy golýazma kitaplar ýerleşdirilen kitap muzeýi, ýörite bölümleriň iş otaglary bar. 1-nji gatyň sag tarapynda 100 adamlyk mejlisler zaly bar.
Bu gatlaryň hersinde 4 bölekden ybarat bolan jemi 8 sany okalga zallary bardyr. Her okalga zalynda 64 orunlyk okyjylara niýetlenen stol, oturguç bar, okyjylary we berlen neşirleri hasaba almak üçin niýetlenilen kafedraly iş stoly ýerleşdirilen, işgärleriň kitaplary elektron hem-de adaty kartoçkalary görnüşde hasaba almak üçin kataloglar ýerleşdirilen. Bu okalga zallarynyň 2 sanysy kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle-de 2-nji we 3-nji gatlarda hünärmenleriň iş otaglary bar.
Bu gatda kitaphananyň abonomenti, alyş-çalyş gaznasy, gulluk gaznasy ýerleşýär.
Bu gatda obserwatoriýa zaly bolup, ol üsti açylyp-ýapylýan gümmezli, obserwatoriýa üçin niýetlenen, häzirki zaman kompýuter enjamlary we Germaniýa Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan otag bar. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen.