Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty-döwletlilik döwresi-bedew batly ösüşi” atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik Daşoguz welaýat kitaphanasynda 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň arzuw-isleglerini, tekliplerini öňe sürmek , aýdyň maksatlary çuňňur oýlanşykly amala aşyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek boýunça täze wezipeler barada durup geçdiler. Şeýlede söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini, gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň gurnamagynda halk döredijiliginiň janrlarynyň, matallaryň, sanawaçlaryň, ýaňyltmaçlaryň üsti bilen ýaş nesillerimizi terbiýelemek maksady bilen“Akyl akabasy” atly kitapdan çeper okaýyşy şäherimizde ýerleşýän 26-njy ‘Nurana” çagalar bagynda 2026-nji ýylyň 20-nji iýulynda geçirildi. Çeper okaýyşda kitaphananyň hünärmeni bu kitap bilen çagalary ýakyndan tanyş etdi, kitapdaky ýerleşdirilen suratlar çagalarda uly täsir galdyrdy. Soňra hünärmen kitapdaky “Dürli sanawaçlar” bölümindende gyzykly sanawaçlary okap berdi.
July 31, 2026
2026-njy ýyl “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ýylynda Türkmenistanyň kitaphana ulga myny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ny ýerine ýetirmek boýunça “Çaga terbiýesinde aýdym-sazyň orny” 2026-njy ýylyň 22-nji iýun güni sagat 10-00 da söhbetdeşlik geçirildi. Perzendini aýdym-saz bilen terbiýelän ata-babalarymyz onuň bejeri jilik gudratyna-da ir düşunipdirler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplyğy-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”atly kitabynda “Hatda perzentlere berilýän terbiýe hem şeýle aýratynlyklar bilen gurşalypdyr.Hüwdülerden başlap ,döredilýän her bir eserde ,aýdylýan her bir sözde,ýazylýan setirde parahatçylyk, agzybirlik ,ylalaşyk,arkalaşyk düşünjeleri öňe sürülipdir.Türkmen sungatynda ,edebiýatynda ,folklorynda we däp-dessurlarynda parahat çylygyň ,ýagşylyğyň hem-de dostlugyň keşpleri ap-aýdyň görünýär”
June 22, 2026
Daşoguz welaýat kitaphanasynda, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" kitaplaryndan "Ýaşyl dermanhananyň ensiklopediýasy" atly okyjylar maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň biologiki we himiki aýratynlyklary hakyndaky maglumatlary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagy umumylaşdyrýan we diňe bir lukman hünärmenleri däl, eýsem farmokologlara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir diýip belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary öz halkyna sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolup, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
June 2, 2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, terbiýeli, kämil nesil ýetişdirmek babatdaky tagallalar döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz : "Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir" diýip belleýär. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy.Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýgüniň, borja wepalylygyň hakyky nusgasydyr. Uruşdan mähriban ojaklaryna dolanmadyk hem-de Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary "Hatyra" we "Şöhrat" kitaplaryna girizildi.
May 8, 2025
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň, hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly mynasybetli "Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty-abadan durmuşyň binýady" atly tegelek stolyň başynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy strategiýasy ýurdumyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has berkemegine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary, öňe sürýän taryhy başlangyçlary rowaçlyk tapýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolup öňe gider we halkara gatnaşyklarda möhüm ädimler ädiler.Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Türkmenistanyň halkara abraýy şanly ýylda has hem artar. Bu geçirilen syýasy söhbetdeşlige gatnaşyjylar şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan işlerinde rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag bolmagyny arzuw etdiler.
March 11, 2025
Daşoguz welaýatynyň kitaphanalaryndan düzülen topary ýurdumyzyň kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilýän 'Akyl giňişligi" atly bäsleşigiň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu bäsleşigiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Ýaşlyk" teleradioýaýlymynyň gurnamaklarynda geçirildi. Welaýatymyzyň topary deslapky tapgyrlarda Ahal welaýat kitaphanasyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyndan hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyndan gatnaşýan kärdeşlerini ýeňmegi başardylar. Daşoguz welaýatynyň kitaphanalaryndan düzülen topary bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin final tapgyrynda Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri bilen güýç synanşarlar. Şeýlelikde bäsleşigiň final tapgyry örän çekeleşikli gyzykly bolup, Lebap welaýatynyň kitaphanaçylaryndan düzülen topary 1-nji orna, Daşoguz welaýatynyň kitaphanaçylaryndan düzülen topary 2-nji orna, Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 3-nji orna eýe bolup, bäsleşige gatnaşan toparlara sowgatlar berildi.
Feb. 18, 2025
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda 2025-nji ýylyň 03-nji fewralynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň”ilkinji günlerinde “Monte-Karloda”-da geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şowhunly dabaralar geçirilýär. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda 2025-nji ýylyň 03-nji fewralynda kitaphananyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan hem “Arkadagyň buýsanjy sen, Bedewim!”diýen at bilen guralan kitap serginiň öňünde söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresine welaýatymyzyň ýaşuly wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşlik çäresinde “Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ajaýyp ýeňşi barasynda gyzykly söhbetleriň üstünde durlup geçildi.Söhbetdeşlikde adymyzy, abraýymyzy dünýäde dabaralandyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy,olaryň janlarynyň sag,işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Feb. 3, 2025
2025-nji ýylyň 31-nji Ýanwarynda Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi we Daşoguz welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda Hormatly Prezidentimiziň “ Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başdadurmagynda uly sepgitlere ýetilýär. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary “ atly täze kitaby barada hem-de Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen işler barada giňişleýin çykyş etdiler.
Jan. 31, 2025
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda sagat 15:00-da kitaphana işgärleriniň, Mejlisiň deputatynyň, şahyrlar ,medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, telekeçiler, metbugat we habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabyndan tegelek stolyň başynda tanyşdyryş dabarasy geçirildi .Dabaranyň geçýän ýerinde, kitaphana işgärleri tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary bilen birlikde, ylmyň ähli ugurlaryny öz içine alýan kitaplaryň sergisi guraldy. Bu tanyşdyryş dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitabynyň elimize gelip gowuşmagy halkymyz üçin bahasyna ýeti bolmajak sowgat boldy. Ruhuňy göterýän bu kitapda hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubleý toýy bilen bagl geçirilen çäreleriň, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi giňden bellenilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.Tanyşdyryş dabaranyň soňunda halkymyzy ajaýyp eserler bilen begendirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.
Jan. 29, 2025
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygarynyň many-mazmuny halkyň erk-ygtyýaryna öwrüldi, bu şygar Türkmen halkynyň arşa göterilen ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we Berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr, gymmatly ündewleri döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esaslaryny düzýär. Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa galdyrdy. Ol umumyadamzat mirasynyň edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkyny durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna öz täsirini ýetiripdir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dana şahyryň Gündogar şygryýetiniň owazyny, paýhasyny we sazlaşygyny özünde jemleýän eserleri dünýä halklarynyň milli edebiýatynyň, ruhy medeniýetiniň ösüş ýoluna şam-çyrag bolar. Dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek çäreler, dünýä jemgyýetçiligin Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga, gaýtalanmajak zehininiň örän çuňdygyna göz ýetirmäge, halklaryň arasynda dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer – diýip maslahata gatnaşanlar çykyş etdiler.
April 24, 2024
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň guramagynda 2024 –nji ýyl “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hepdäniň bir güni kitaphana güni mynasybetli Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda gezelenç guraldy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden “Watansöýüjilige ýugrulan eserler” atly kitap sergisi guraldy we syn berildi. Kitaphanada guralan gezelenç we kitap sergisi talyplarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary, sag, belent başlary aman bolsun!
April 24, 2024
Okyjylar maslahatyna kitaphana işgärleri, aktiw okyjylar gatnaşdy. Okyjylar maslahaty kitphananyň mejlisler zalynyň öňündäki meýdançada 2024-njy ýylyň 18-nji aprel güni sagat 10-30-da başlady. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romany barasynda giňişleýin durup geçildi. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň öz atasy Berdimuhamet Annaýew barada bolup onuň mugallymçylyk ussatlygy we söweş edermenligi barasynda wakalaryň üstünde durulyp geçilendir. Bu kitabyň esasy wakalary Berdimuhamet Annaýewiň ýaş nesli okatmak we terbiýeläp ýetişdirmek, Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda Watany goramak barada görkezen hyzmatlary barasynda bolup, kitapdaky wakalar çeper dilde ussatlyk bilen beýan edilendir. Maslahatda syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň kitaphanaçysy Dilraba Amatowa “Mertligiň mekdebi” atly temadan çykyş etdi. Ol öz çykşynda Arkadagymyzyň bu kitabynyň türkmeniň gadymdan gelýän ýörelgesine eýerip, öz ata-babalaryna galdyran taýsyz çeper ýadygärligidir. Bu ýadygärlik geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir diýip belläp geçdi. Soňra maslahatda bölümiň aktiw okyjysy Ogulgözel Atahanowa kitapda ýerleşdirilen bölümler barada aýdyp, bu bölümlerdäki wakalardan okap berdi we bu kitaby okamaklygy hödürledi.
April 18, 2024
Şu gün Daşoguz welaýat kitaphanasynda 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 9-y güni sagat 14-00 da 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda, Daşoguz welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda "Ynsan kalbynyň öçmejek nury" atly dabaraly maslahat we kitap sergisi geçirildi. Maslahatda "Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça ägirt işler alnyp barylýar - diýip maslahata gatnaşanlar çykyş etdiler.
Feb. 9, 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly özüniň ilkinji ädimlerinden, ilkinji günlerinden başlap düşümliligi, döwletliligi, baý many-mazmuna we göwün göteriji wakalara, şatlyk-şagalaňa baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu şanly ýyl bilen bagly birnäçe maslahatlar, şanly seneler bellenilip geçilýär. Geçirilen şeýle maslahatlaryň biri hem 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Daşoguz şäher medeniýet merkezi hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda "Ruhy joşguna beslenýän şanly ýyl" atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Bu geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat kitaphanasynyň işgärleri çykyş edip akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen bagly 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň şanly senelere, baýramçylyk dabaralaryna beslenýändigi barada aýdyp çykyş etdiler.Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Feb. 8, 2024