Tazelikler

...
“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşli ýollarynyň batly gadamlary”

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygarynyň many-mazmuny halkyň erk-ygtyýaryna öwrüldi, bu şygar Türkmen halkynyň arşa göterilen ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we Berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr, gymmatly ündewleri döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esaslaryny düzýär. Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa galdyrdy. Ol umumyadamzat mirasynyň edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkyny durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna öz täsirini ýetiripdir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dana şahyryň Gündogar şygryýetiniň owazyny, paýhasyny we sazlaşygyny özünde jemleýän eserleri dünýä halklarynyň milli edebiýatynyň, ruhy medeniýetiniň ösüş ýoluna şam-çyrag bolar. Dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek çäreler, dünýä jemgyýetçiligin Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga, gaýtalanmajak zehininiň örän çuňdygyna göz ýetirmäge, halklaryň arasynda dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer – diýip maslahata gatnaşanlar çykyş etdiler.

April 24, 2024


...
“Watansöýüjilige ýugrulan eserler” sergi we gezelenç.

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň guramagynda 2024 –nji ýyl “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hepdäniň bir güni kitaphana güni mynasybetli Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda gezelenç guraldy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden “Watansöýüjilige ýugrulan eserler” atly kitap sergisi guraldy we syn berildi. Kitaphanada guralan gezelenç we kitap sergisi talyplarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary, sag, belent başlary aman bolsun!

April 24, 2024


...
Daşoguz welaýat kitaphanasynda, syýasy- jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi tarapyndan, Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanyndan “Beýik hakykatyň waspy”atly maslahat

Okyjylar maslahatyna kitaphana işgärleri, aktiw okyjylar gatnaşdy. Okyjylar maslahaty kitphananyň mejlisler zalynyň öňündäki meýdançada 2024-njy ýylyň 18-nji aprel güni sagat 10-30-da başlady. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romany barasynda giňişleýin durup geçildi. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň öz atasy Berdimuhamet Annaýew barada bolup onuň mugallymçylyk ussatlygy we söweş edermenligi barasynda wakalaryň üstünde durulyp geçilendir. Bu kitabyň esasy wakalary Berdimuhamet Annaýewiň ýaş nesli okatmak we terbiýeläp ýetişdirmek, Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda Watany goramak barada görkezen hyzmatlary barasynda bolup, kitapdaky wakalar çeper dilde ussatlyk bilen beýan edilendir. Maslahatda syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň kitaphanaçysy Dilraba Amatowa “Mertligiň mekdebi” atly temadan çykyş etdi. Ol öz çykşynda Arkadagymyzyň bu kitabynyň türkmeniň gadymdan gelýän ýörelgesine eýerip, öz ata-babalaryna galdyran taýsyz çeper ýadygärligidir. Bu ýadygärlik geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir diýip belläp geçdi. Soňra maslahatda bölümiň aktiw okyjysy Ogulgözel Atahanowa kitapda ýerleşdirilen bölümler barada aýdyp, bu bölümlerdäki wakalardan okap berdi we bu kitaby okamaklygy hödürledi.

April 18, 2024


...
Ynsan kalbynyň öçmejek nury

Şu gün Daşoguz welaýat kitaphanasynda 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 9-y güni sagat 14-00 da 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda, Daşoguz welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda "Ynsan kalbynyň öçmejek nury" atly dabaraly maslahat we kitap sergisi geçirildi. Maslahatda "Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça ägirt işler alnyp barylýar - diýip maslahata gatnaşanlar çykyş etdiler.

Feb. 9, 2024


...
Ruhy joşguna beslenýän şanly ýyl

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly özüniň ilkinji ädimlerinden, ilkinji günlerinden başlap düşümliligi, döwletliligi, baý many-mazmuna we göwün göteriji wakalara, şatlyk-şagalaňa baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu şanly ýyl bilen bagly birnäçe maslahatlar, şanly seneler bellenilip geçilýär. Geçirilen şeýle maslahatlaryň biri hem 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Daşoguz şäher medeniýet merkezi hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda "Ruhy joşguna beslenýän şanly ýyl" atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Bu geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat kitaphanasynyň işgärleri çykyş edip akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen bagly 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň şanly senelere, baýramçylyk dabaralaryna beslenýändigi barada aýdyp çykyş etdiler.Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Feb. 8, 2024


Tel: 8322-9-29-75, Kabulhana: 8322-9-30-96

Hat ugratmak: dashoguzkitaphana@sanly.tm

Kitaphananyň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, N.Andalyp şaýoly 23

© Daşoguz Welaýat Kitaphanasy